Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Abdullah öňe saýlanýar


Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň ýurduň prezidentlik saýlawlary barada ýaýradan soňky maglumatlarynyň netijelerinde öňki daşary işler ministri Abdullah Abdullah öňe saýlandy.

Gürrüňi edilýän komissiýanyň 20-nji aprelde beren maglumatynda sesleriň 50%-ne esaslanýan başlangyç netijelere görä, Abdullah sesleriň 44,4%-ni alyp, öňe saýlanýar. Ondan soň sesleriň 33,2%-ni alan ýurduň öňki maliýe ministri Aşraf Gani gelýär.

Owganystanda 5-nji aprelde geçirilen prezidentlik saýlawlary barada soňky netijeler 14-nji maýda yglan ediler. Dalaşgärler birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin ýörgünli hasaplanan saýlaw býulletenleriniň 50%-ni almalydyr.

Wezipesi tamamlanyp barýan prezidenti Hamit Karzaýyň ýerine täze prezident saýlamak boýunça geçirilen owgan saýlawlary ses bermäge ukyply saýlawçylaryň 58%-niň gatnaşmagynda amala aşdy. “Talyban” hereketi saýlawlar döwründe hüjümleri amala aşyrmaga wada beripdi, emma olaryň bu wadasy başa barmady.
XS
SM
MD
LG