Sepleriň elýeterliligi

​Boston marafony: Howpsuzlyk artdyryldy


Bu ýyl geçirilýän Boston marafonyna takmynan 36 müň, şol sanda abraýly ençeme ýüwrük hem gatnaşýar. Geçen ýyl bu marafon gutaryş çyzygynyň golaýynda iki bombanyň partlamagy bilen erbet ýatlamalar galdyrypdy.

Öten ýyl öý şertlerinde ýasalan iki bombanyň partladylmagy netijesinde amala aşyrylan şol wakada üç adam ölüp, başga-da 260 çemesi ýaralanandan soň, döwlet we ýerli resmiler 21-nji aprelde geçirilýän marafonyň howpsuzlyk çärelerini artdyrdy.

Asly Russiýanyň Kawkaz regionyndan bolan iki dogan gürrüňi edilýän partlamalary amala aşyrmakda güman edilýär.

Geçen ýylyň Boston marafonynda erkekler boýunça çempion bolan efiopiýaly Lelisa Desisa we zenanlar boýunça çempion bolan kenýaly Rita Jeptu bu ýylky geçirilýän marafonda hem ýaryşmak üçin Bostona bardylar.
XS
SM
MD
LG