Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Siriýa: Saýlawlar 3-nji iýunda geçiriler


Siriýanyň parlamentiniň başlygy ýurtda prezidentlik saýlawlarynyň 3-nji iýunda geçiriljekdigini yglan etdi.

“Al-Arabiýa” telekanalynyň 21-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýurduň parlamentiniň başlygy Mohammad al-Lahham prezidentlik saýlawlarynyň 3-nji iýunda ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 19:00 aralygyna çenli geçiriljekdigini yglan edipdir we ol “Siriýanyň ýurtdaky raýatlarynyň” saýlaw býulletenlerini oklamaga hukugynyň bardygyny sözüne goşupdyr.

Siriýada prezidentlik saýlawlary ýurtda üç ýyl bäri dowam edýän konfliktde hökümet güýçleri üstünlik gazanýan ýaly bolup görünýän mahaly amala aşýar. Bu konfliktlerde 150 müňden gowrak adamyň ölendigi aýdylýar.

Hökümet güýçleriniň öz gözegçiligindäki territoriýalary giňeldýändigini görkezýän alamat hökmünde prezident Başar al-Assad ýekşenbe güni hristian obasyna bardy. Bu oba ýaňy ýakynda söweşijileriň kontrollygyndan yzyna alnypdy.
XS
SM
MD
LG