Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: Türkmen teatry durmuşdan üzňe


Halkara teatr festiwaly, Aşgabat, 15-nji aprel, 2014.
Halkara teatr festiwaly, Aşgabat, 15-nji aprel, 2014.
Aşgabatda geçirlen Ikinji halkara teatr festiwalyna şu ýyl 14 ýurtdan 16 sany teatr kollektiwi gatnaşdy. Türkmen metbugaty Türkmenistanda teatr sungatynyň örän meşhurdygyny ýazdy. Ýurduň milli teatrlary köpçülige “Magtymguly”, “Mälik şa”, “Bagt kenary”, Göroglynyň öýlenişi” ýaly spektakllary görkezipdir.

Türkmenistanda şu günki gün tutuş ýurt boýunça jemi 10 teatr bar, olaryň altysy Aşgabatda, beýlekileri welaýatlarda ýerleşýär.

Şu günki gün ýurtda teatrlaryň, teatr sungatynyň ýagdaýy nähili?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň teatrlarynda, telewideniýesinde sahnalaşdyrylan ençeme eseriň awtory, dramaturg we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:13 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG