Sepleriň elýeterliligi

Krym: Tatarlaryň lideri 5 ýyllyk sürgün edildi


Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Džemilewe Kryma bäş ýyllap barmak gadagan edildi. Krym tatarlarynyň geňeşi bolan Mejlisiň metbugat-wekiliniň sözlerine görä, Džemilew 22-nji aprelde Ukrainanyň esasy bölegine çykarylyp, onuň ýarymadada 2019-njy ýyla çenli islenmeýän şahsdygy aýdylypdyr.

Bu karar Džemilewiň Kryma barýan wagtynda barlag-geçiş nokadynda saklanmagyndan üç gün geçensoň yglan edildi.

Džemilew Krymyň täze orsýetparaz hökümetini, onuň öz sözi bilen aýdylanda, ýarymadanyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmeginden bäri krym tatarlaryna garşy edilýän repressiýalara syn etmekde aýyplady. Krym tatarlarynyň Mejlisiniň lideriniň sözlerine görä, orsýet pasportyny almak islemedik tatarlar işinden mahrum bolupdyr. Mejlis Krymyň täze liderlerini we Krymyň Ukrainadan bölünmegi boýunça referendumy ret edipdi.
XS
SM
MD
LG