Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Dalaşgär Saýýafyň ýarany öldürildi


Sowet okkupasiýasynyň döwründe mujahedleriň ýolbaşçysy bolan Esmatullah Owganystanyň Logar welaýatynda ýerleşýän öýüniň öňünde atylyp öldürildi.

Esmatullah prezidentlige dalaşgär Abdul Rassul Saýýafyň saýlaw gözegçisi wezipesinde işläpdi.

Onuň ölüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. Şeýle-de Malem Tor, ýagny Gara mugallym diýip tanalan Esmatullahyň jesedi alnyp gidilipdir we heniz tapylmandyr.

AÝ/AR-nyň Owganystanyň gündogaryndaky habarçylarynyň sözlerine görä, Esmatullahyň regionda duşmanlarynyň bardygy we onuň ýerli täsirli adamyň oglunyň ölümine gatnaşygynyň bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG