Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Manchester United” ýolbaşçysyny çalyşdy


“Manchester United” futbol kluby Dawid Moyesyň ýerine wagtlaýyn ýolbaşçy edip Ryan Giggsy belledi. Moyes bu futbol klubyna bir ýyldan az wagtyň dowamynda ýolbaşçylyk etdi.

40 ýaşly öňki futbol ýyldyzy Giggs Moyesyň kömekçisi bolupdy.

“Manchester United” 22-nji aprelde klubyň websaýtynda çap eden beýannamasynda Moyesyň wezipeden çekilýändigini yglan etdi we oňa minnetdarlyk bildirdi.

Moyes kluba geçen ýylyň iýul aýynda baryp, 26 ýyllap baştutanlyk eden baýry ýolbaşçy Aleks Fergussony wezipede çalyşypdy. Moyesyň Fergusson tarapyndan hödürlenmegine garamazdan, klub onuň ýolbaşçylyga garşy çykdy.

Häzirki wagtda klub ýedinji ýerde durýar we bu onuň 1990-njy ýyllardan bäri görkezen iň pes derejesidir.
XS
SM
MD
LG