Sepleriň elýeterliligi

Baku žurnaliste garşy galp işi gozgamakda aýyplanýar


“Žurnalistleri goraýan komitet” (CPJ) Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň meşhur žurnalisti Ermenistanyň peýdasyna dönüklik etmekde aýyplap, oňa garşy iş gozgamagyny ýazýardy.

Baş prokuratura 21-nji aprelde Rauf Mirkadyrowyň “2008-nji ýylda Ermenistanyň gizlin gulluklary tarapyndan hakyna tutulandygyny we Ýerewany Azerbaýjanyň döwlet syrlary bilen üpjün edendigini” aýtdy.

“Žurnalistleri goraýan komitetiň” Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň koordinatory Nina Ognýanowa Azerbaýjanyň häkimiýetlerine ýüzlenip, “galp işleri togtatmaga we garaşsyz žurnalistleri sem etmek boýunça kanunlary depelemegi bes etmäge” çagyrdy.

Ors dilinde çap edilýän “Zerkalo” atly neşriň habarçysy Mirkadyrow suda çenli üç aýlyk tussaglyga höküm edildi.
XS
SM
MD
LG