Sepleriň elýeterliligi

Täze jaý: mümkinçilikler we böwetler


Paýtagtyň töwereklerindäki obalarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy 90-110 müň dollar aralagynda.

Paýtagtyň töwereklerindäki obalarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy 90-110 müň dollar aralagynda.

Soňky döwürlerde paýtagtyň golaýyndaky obalaryň köpüsinde ençeme täze ýaşaýyş jaýlary guruldy we häzir hem gurulýar. Emma täze oba diýip atlandyrylýan bu ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlary her kime elýeterli däl.

Göräýmäge, ipoteka boýunça satylýan bu ýaşaýyş jaýlaryny her bir raýat satyn alyp bilmeli ýaly. Emma bu beýle däl. Ýaşaýyş jaýlarynyň ipoteka krediti boýunça satylýandygyna garamazdan, olary degişli welaýatda propiskasy bolan raýatlar satyn alyp bilýärler.

Kähalatlarda bolsa diňe şol ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän etraplarynyň ýaşaýjylarynda şonuň ýaly mümkinçilik bar. Mysal üçin, Ýasmansalyk obasynyň golaýynda gurulýan täze obadaky ýaşaýyş jaýlaryny Büzmeýiniň, Garadaşaýak we Akdaşaýak obalarynyň ýaşaýjylarynyň satyn almaga mümkinçiligi bar.

Gämi obasynda gurulýan we Gäwers obasynda gurluşygy başlanan täze ýaşaýyş jaýlaryny hem şol töwerekleriň ilatynyň satyn almaga mümkinçiligi bar. “Paýtagtlylara bolanok diýip aýdýarlar. Ýogsa, paýtagtda ýaşaýanlaryň arasynda şonuň ýaly ýaşaýyş jaýyny satyn almak isleýänler azam däl” diýip, aşgabatly Begenç Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Nyrhlar

Şol bir wagtda ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny ýerli ilatyň edinemeginde başga-da käbir kynçylyklar bar. Olaryň biri-de şol jaýlaryň bahasy bilen bagly. Paýtagtyň töwereklerindäki obalarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy 90-110 müň dollar aralagynda. Käbir obalarda 60-70 müň dollarlyk täze jaýlaryň bardygy hem aýdylýar.

Emma otuz ýyllyk ipoteka krediti boýunça berilýän şol puly tölemäge her maşgalanyň gurby çatmaýar. Hatda şol kreditiň ilkibaşdaky geçirmeli 10 prosent hak ujuny töläp bilmeýänlerem az däl.

Akdaşaýak obasynyň ýaşaýjysy Garýagdy hem şonuň ýaly ildeşlerimiziň biri. Ol obalarynyň golaýyndaky gurulýan täze obadan ýaşaýyş jaýyny satyn alyp bilmeýär. “Ilkibaşda 10 müň dollar tölemeli. Onuň ýaly pulum bolsa ýok. Şonuň üçin jaý edinip bilmän, bir ýerde dört maşgala bolup ýaşaýarys” diýip, Garýagdy öz ýagdaýlaryny beýan edýär.

Korrupsiýa

Garýagdynyň maşgalasy ýaly, ipoteka krediti boýunça ýaşaýyş jaýyny satyn alyp bilmeýän maşgalalar başga-da az däl. Emma jaýlaryň ortaça gurply ilatdan bolan adamlar üçin belli bir derejede gymmatlygy bilen birlikde bu ugurda kök uran korrupsiýa hem jaý edinjek bolýanlaryň ýagşy niýetine böwet bolýar. Korrupsiýanyň derejesi, resmilerden oňa degişli kommentarileri almak başartmasa-da, ildeşlerimiziň berýän gürrüňlerinden çen tutulsa, giňden ýaýran.

Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, para berip, paýtagtyň ýaşaýjysy hem obalarda täze gurulýan jaýlardan satyn alyp bilýär. Ýogsa, ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly düzgün boýunça oba ýerlerindäki täze gurulýan jaýlar şol töwerekdäki ýaşaýan etrapdyr obalaryň ýaşaýjylaryna satylýar.

Şeýle-de obalarda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýan ýerlerinden göçürilen ýa-da göçürilýän maşgalalara berilýän halatlary hem az däl. Bu hili ýagdaýda jaý mugt berilýär. Mysal üçin, Ýandaklyagyz ýa-da täze ady Täze eýýam obasyndaky täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi diýen ýaly şu ýylyň mart aýynda göçürilen Çüli obasynyň ýaşaýjylaryna berlipdir.

Ildeşlerimiz ýurtda täze obalaryň döredilmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň köpeldilmegini gowy garşylap, muny pozitiw özgeriş hökmünde häsiýetlendirseler-de, şol jaýlaryň has elýeterli, açyk we erkin görnüşde ilata paýlanmagynyň hem-de satylmagynyň gerekdigini belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG