Sepleriň elýeterliligi

​G.Koreýa: Öli sany 150-ä golaýlaýar


Günorta Koreýada gark bolan gäminiň ýolagçylaryny gözlemek çäreleri ikinji hepdesine gadam basdy. Maglumatlarda 150-den gowrak adamdan heniz hem habar ýokdugy aýdylýar.

Häzirki wagta çenli azyndan 146 adamyň ölendigi tassyklanyldy.

Hökümet resmileri suwa çümüjileriň gämide gysylyp galan jesetleri çykaryp almaklary üçin indi kabinanyň diwarlaryny böwüsmeli boljakdyklary sebäpli gözlegleriň has hem kynlaşýandygyny aýdýarlar.

Bu wakada pida bolanlaryň aglabasy Seulyň golaýyndaky Ansan şäherindäki mekdebiň ýokary synp okuwçylarydy.

“Sewol” atly bu gäminiň gark bolmagynyň sebäpleri barada henize çenli düşündiriş berilmeýär.

Gämiden 174 adam, şol sanda gäminiň kapitany we ekipaž agzalarynyň aglabasy halas boldy.
XS
SM
MD
LG