Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina söweşijilere garşy hüjümlere taýýarlanýar


Ukrainanyň hökümeti Pasha baýramçylygy mynasybetli bolan ýaraşygyň resmi taýdan tamamlanandygyny we ýurduň gündogaryndaky Russiýa tarapdary söweşejilere garşy täze harby hüjümlere taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

23-nji aprelde premýer-ministriň birinji orunbasary Witaliý Ýarema Ukrainanyň gündogaryndaky ona golaý hökümet jaýyny gabawlykda saklaýan separatistlere garşy Kiýewiň “anti-terrorçylyk operasiýalarynyň” “aktiw tapgyryny” gaýtadan başlatmaga taýýardygyny aýtdy.

Bu beýanat söweşijileriň gol astynda saklanýan Slowýansk şäherinde “wagşylarça gynalan” iki jesediň tapylmagynyň yzýany Ukrainanyň häzir iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinowyň separatistleri gysyp çykarmak üçin täze basyşlary etmek barada buýruk bermeginden bir gün soň ýaýradyldy.

Turçinow öldürilenleriň biriniň Wolodymyr Rybakdygyny mälim etdi. Ol Turçinowyň Batkiwşina partiýasynyň ýerli syýasatçysydyr. Turçinow bu wakany amala aşyrmakda söweşijileri aýyplady.

23-nji aprelde Ukrainanyň Içeri işler ministrligi wakada pida bolanlaryň biriniň Rybakdygyny resmi taýdan yglan etdi.
XS
SM
MD
LG