Sepleriň elýeterliligi

​Müsürde iki ofiser öldürildi


Müsüriň ýokary derejeli polisiýa ofiseri Kairiň golaýyndaky öýüniň daşynda ulagynyň aşagyna ýerleşdirilen bombanyň partladylmagy netijesinde öldürildi.

Brigada generaly Ahmed Zaki 23-nji aprelde Kairden 32 kilometr uzaklykda ýerleşýän 6-njy oktýabr şäherinde partladylan bombanyň netijesinde heläk boldy.

Beýleki bolan bir wakada hem leýtenant Ahmed Saad Aleksandria şäherinde geçirilen harby reýd mahaly atylyp öldürildi.

Zakiniň öldürilmegi Müsürde iýul aýynda yslamçy prezident Mohammad Morsi häkimiýetden çetleşdirileni bäri ýurduň howpsuzlyk güýçlerini nyşana alyp, söweşijiler tarapyndan amala aşyrylan hüjümleriň iň soňky tapgyrydyr.

Müsürde maý aýynyň ahyrynda prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlarda ýurduň armiýasynyň öňki başlygy Abdel Fattah al-Sisiniň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG