Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa sosial ulgamy çäklendirýär


Russiýanyň Döwlet Dumasy sosial ulgamlara we bloggerlere garşy täze berk çäklendirmeleri kabul etdi.

22-nji aprelde Russiýanyň kanunçykaryjylary gürrüňi edilýän kanuny goldap çykyş etdiler. Bu kanun elektron hatlary ugradýan kompaniýalaryň, şol sanda “Google” ýaly daşary ýurt kompaniýalaryň döwlet aragatnaşyk organlarynda hasaba alynmagyny talap edýär.

Şeýle-de, bu kanuna laýyklykda gürrüňi edilýän kompaniýalar soňky alty aýyň dowamynda öz websaýtlaryndan ugradylan hatlaryň maglumatyny saklamaly bolarlar.

Şeýle-de, bu kanun sosial ulgamlaryndaky hususy websaýtlaryna ýa-da sahypalaryna girýänleriň sany 3 müň ýa-da ondan köp bolan bloggerlere öz familiýalaryny we email adreslerini resmilere mälim etmäge borçly edýär.
XS
SM
MD
LG