Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ewin türmesine täze başlyk bellenildi


Eýranda ýowuzlygy bilen tanalýan türmede tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi barada çykan maglumatlardan soň, tussaglaryň maşgala agzalarynyň geçiren protestleriniň yzýany Tähran gürrüňi edilýän türmä täze ýolbaşçy belledi.

Döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar gullugynyň 23-nji aprelde beren maglumatyna görä, Ewin türmesiniň öňki başlygy Golamhossein Esmailiniň wezipesini mundan beýläk Aşgar Jahangir ýerine ýetirer.

Jahangir hökümetiň sud bölüminiň başlygy we ruhany Aýatollah Sadeg Amoliniň ýakyn maslahatçysydy diýip häsiýetlendirildi.

Tähranyň Ewin türmesinde saklanylýan tusssaglaryň maşgalalary ýurduň parlamentiniň we prezident Hassan Rohaniniň edarasynyň öňünde şu hepdäniň dowamynda iki sapar protest geçirdiler.

Demonstrasiýalar türmäniň 350-nji bölümindäki tussaglaryň ýenjilendigi, şol sanda olaryň keselhana ýerleşdirilmegine zerurlygyň bardygy hakda çykan maglumatlaryň yzýany amala aşyryldy.
XS
SM
MD
LG