Sepleriň elýeterliligi

Täze Tolkun gepleşigimizde ene-atalaryň ogul çaga höwes edip, gyz çagalaryna “ogul” sözi bilen baglanyşykly at dakmak däbi barada Ogulgerek atly ýetginjek gyz we onuň ejesi Akja daýza bilen söhbetdeş boldyk.

Şeýle-de, Mary welaýatynyň Baýramly etrabynyň ýaşaýjysy 35 ýaşyndaky öý hojalykçy zenan Sona Ataýewa türkmen maşgalalarynda gyz çagalarynyň köp dogulmagyna bolan garaýyşlar barada hem gürrüň berýär.

Gepleşigimizde häzirki döwürde düşürilýän çeper kinofilmler barada habarçymyz Umyt Jumaýewiň lebaply ýaşlar Gözel, Serdar we Mähri bilen geçiren söhbetdeşligini hem diňläp bilersiňiz. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG