Sepleriň elýeterliligi

​Daşkent: Partlamada bir adam öldi


Özbegistanyň paýtagty Daşkentde tebigy gaz partlamasy diýlip güman edilýän wakada bir aýal öldi we başga-da üç adam ýaralandy.

Gürrüňi edilýän bu partlama 23-nji aprelde Daşkendiň täjirçilik merkezinde amala aşdy. Bu wakada agyr ýaralanan dört adam keselhana ýerleşdirildi. Keselhana ýerleşdirilenleriň biri gysga wagt soň heläk boldy.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň 24-nji aprelde beren maglumatyna görä, partlama binanyň häzirki wagt bejeriş işleri amala aşyrylýan ýerzemininde bolupdyr. Deslapky derňewlerde partlamanyň amala aşmagyna tebigy gazyň ýalňyş ulanylmagynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

Ministrligiň resmileriniň beren maglumatynda partlamanyň netijesinde binanyň ilkinji iki gatyna zeper ýetendigi, emma onuň ýumrulmak howpunyň ýokdugy bellenilýär.
Muňa garamazdan Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüňi edilýän wakadan soň dokuz gatly binanyň gyşarandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG