Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Üç daşary ýurtly öldürildi


Owganystanyň paýtagtyndaky halkara keselhanada howpsuzlyk sakçysynyň ot açmagy netijesinde üç daşary ýurtlynyň, şol sanda bir lukmanyň öldürilendigi habar berilýär.

Owganystanyň howpsuzlyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm 24-nji aprelde halkara “CURE” keselhanasynyň töwereginde bolupdyr. Bu keselhana Kabulyň günbatarynda ýerleşýär we Birleşen Ştatlaryň haýyr-sahawat guramasy tarapyndan dolandyrylýar.

Gürrüňi edilýän wakada ölenleriň haýsy ýurduň raýatydygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.

Owgan resmileriniň berýän maglumatyna görä, şübheli hüjümçi wakada ýaralanyp, polisiýa tarapyndan tussag edilipdir. Hüjümiň näme sebäpden amala aşyrylandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG