Sepleriň elýeterliligi

​Bagdat: Partlamada sekiz adam öldi


Bagdadyň günortasyndaky polisiýa barlag nokadynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bombaly ulag partlamasy diýlip güman edilýän wakada azyndan sekiz adam öldi.
Hilla şäheriniň demirgazygynda bolan bu partlamada başga-da 20 adam ýaralandy.

Yrakda 30-njy aprelde geçiriljek parlament saýlawlarynyň öň ýanynda, ýurt gan döküşikliklerden ejir çekýär.

Şu ýylyň dowamynda tutuş Yragyň çägindäki ýowuzlyklarda 2 müň 750-den gowrak adam öldi. Şol ýowuzlyklarda nyşana alnanlaryň aglabasy ýurduň şaýy köplügi jemgyýetiniň we howpsuzlyk güýçleriniň agzalaryndan ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG