Sepleriň elýeterliligi

​Moskwa Günbatary aýyplaýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günbatary Ukrainada “konstitusiýa laýyk gelmeýän görnüşde režimi üýtgetmek” üçin halk gozgalaňlaryny möwjetmekde aýyplady.

24-nji aprelde Moskwanyň Halkara gatnaşyklary boýunça döwlet institutynda eden çykyşynda Lawrow fewral aýynda Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmegi bilen Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini Kiýewde başga-da “reňkli rewolýusiýany” amala aşyrmaga synanyşmakda aýyplady.

Ol Russiýa garşy amala aşyrylýan “geosyýasy oýunda” Ukrainanyň “oýunjak” ýaly ulanylýandygyny aýdyp, duýduryş berdi.

Muňa garamazdan, Lawrow Ukrainanyň ykdysadyýetini we gaz üpjünçiligini durnuklylaşdyrmak barada ähli taraplaryň arasynda gepleşikleri başlatmak üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan teklip edilen taslama Russiýanyň daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň arasynda goldaw tapylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG