Sepleriň elýeterliligi

​Ukraina: Putin duýduryş berdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kiýewiň resmileri tarapyndan Ukrainyň armiýasynyň ýurduň gündogarynda ýerleşdirilmegi “öz halkyňa garşy edilýän hakyky jenaýaty” alamatlandyrýar we munuň “netijeleri” bolar diýdi.

Putiniň 24-nji aprelde eden bu çykyşy söweşijileriň gol astyndaky Slowýansk şäherini gaýtadan yzyna almak üçin ukrain harbylarynyň hüjümleri başladýan mahaly bolup geçdi. Maglumatlarda gürrüňi edilýän şäherde bäşe golaý separatistiň öldürilendigi aýdylýar.

Putin Sank-Peterburgda eden çykyşynda hüjümi “jeza beriji operasiýa” diýip häsiýetlendirip, Kiýewiň Günbatar tarapdary hökümetini “hunta”, ýagny bir maksada ugrukdyrylan adamlaryň toparlanyşygy diýip atlandyrdy.

Şeýle-de, ol Ukrainadaky hereketleri babatda Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň ýurduň ykdysadyýetine täsir ýetirýändigini, emma onuň o diýen howply däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG