Sepleriň elýeterliligi

​Gazak redaktorlary resmileri aýyplaýarlar


Gazagystanyň ýakynda işi togtadylan iki oppozision gazetiniň redaktorlary häkimiýetdäkiler gazetleri ýapýarlar, sebäbi olar “hakykatdan gorkýarlar” diýdiler.

“Assandi-Times” we “Prawdiwaýa gazeta” atly neşirleriň redaktorlary 24-nji aprelde Almatyda žurnalistleriň öňünde eden çykyşlarynda suduň gazetleri ýapmak baradaky kararynyň syýasy maksatlydygyny aýtdylar.

Gazagystanyň sudy “Assandi-Times” gazetiniň gadagan edilen “Respublika” atly gazet kompaniýasynyň bir bölegidigini aýdyp, onuň işini 2-nji aprelde togtadypdy. “Prwadiýa gazeta” atly neşir bolsa, hepdelik nusgalary barada okyjylara ýalňyş maglumat bermekde aýyplanyp, onuň işi fewral aýynda togtadylypdy.

Bu neşirleriň ikisi hem gazak hökümetini tankyt etmekde we resmilerden garaşsyzlygy bilen tanalýardy.
XS
SM
MD
LG