Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Türkmenistanda sowet ýyllarynda edebi terjimäniň uly mekdebi döredilip, dünýä halklarynyň edebiýatyndan köp eserler türkmen diline terjime edildi.

Bu eserler bir tarapdan, türkmen okyjylaryna özleriniň bilmeýän ýa-da ýeterlik düşünmeýän bir dilinde ýazylan eserleri öz ene dillerinde okamaga, dünýäniň başga bir medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berse, ikinji tarapdan, türkmen diliniň baýlygyny ýüze çykarmaga, gündelik metbugatda ýa durmuşda kän ulanylmaýan sözleri gaýtadan dolanyşyga salmaga hem kömek etdi diýip, dilçi alymlar aýdýarlar.

Edebiýatçylar bolsa, çeper terjimäniň halklar, medeniýetler arasynda ruhy köpri bolup hyzmat edýändigini, bu köpriniň barha giňeldilmelidigini we berkidilmelidigini öňe sürýärler.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda hem çeper terjime sungatyna, terjimeçileri ýetişdirmäge, dünýä dillerini öwrenmäge üns berildi, gadymyýete degişli eserleri türkmen okyjylaryna ýetirmekde belli bir iş edildi.

Mundan başga, "Dünýä edebiýaty" atly atly žurnal hem döredildi. Bu žurnal, adyndan görnüşi ýaly, türkmen okyjylaryny dünýä edebiýatynyň iň tanymal ýazyjylarynyň eserleri bilen tanyş etmeli.

Ýöne ýerli edebiýatçylar ýurtda çeper terjime işiniň agsaýandygyny, ýogsam bolmasa türkmen okyjylarynda terjime eserlerine bolan islegiň ýeterlikdigini, şol bir wagtda okara gyzykly kitaplaryň ýiti ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Eýsem şu günki gün Türkmenistanda çeper terjimäniň nähili problemalary bar? Näme üçin türkmen okyjylary hatda Nobel baýragyny alan ýazyjylaryň eserlerini hem wagtynda öz dillerinde okap bilenoklar?

Azatlyk Radiosy nobatdaky "Tegelek stol" söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar. Eger bu mesele barada aýtjak zatlaryňyz, bellikleriňiz bolsa, söhbete goşulmaga, pikirleriňizi ýazmaga çagyrýarys. Azatlygyň mikrofony dürli pikirler üçin hemmelere açyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG