Sepleriň elýeterliligi

Putin Ukrainany güýç ulanmazlyga çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň gündogarynda Kiýewiň häkimiýetleri tarapyndan goşunyň ýerleşdirilmeginiň “öz halkyňa garşy agyr jenaýat” bolýandygyny we munuň “netijesiniň” boljakdygyny aýtdy: “Eger Kiýewiň şu günki režimi hakykatdanam ýurduň içinde ilata garşy goşuny ulanyp başlan bolsa, bu şübhesiz öz halkyňa garşy örän agyr jenaýatdyr”

Putiniň 24-nji aprelde eden bu çykyşynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň harbylary Slawýansk şäherinde gozgalaňçylara garşy çärelere başladylar, munuň netijesinde bäş adamyň ölendigi aýdyldy.

Harby çäreler barada

Putin Sankt-Peterburgda eden bu çykyşynda ukrain häkimiýetleriniň çäresini “jezalandyryş operasiýasy” diýip atlandyry we Günbatarçy ukran häkimiýetlerini “hunta” harby režim diýip häsiýetlendirdi: “Birinjiden, olarda munuň üçin umumymilli ygtyýar ýok. Olarda, bolaýsa, kanunçylygyň diňe käbir elementleri bardyr. Bu-da diňe parlamentiň çäginde”.

Putin Ukrainanyň gündogarynda operasiýalary amala aşyrmak barada karar çykaran häkimiýetler üçin “netijeleriň boljagyny we munuň ikitaraplýyn gatnaşyklara täsir” ýetirjekdigini aýtdy. Emma ol göz öňünde tutýan netijelerini takyklaşdyrmady. Şeýle-de Putin Günbataryň Orsýet babatynda girizen sanksiýalarynyň Orsýetiň ykdysadyýetine täsir ýetirýändigini, emma ýiti bir netije bermändigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň Slawýanskynyň golaýyndaky separatistleriň nokatlaryna eden hüjümini “kabul ederliksiz” zorluk çäresi diýip atlandyrdy.

Ylalaşygy berjaý etmek

Lawrow ABŞ ukrain hökümetini geçen hepdede gol çekilen halkara ylalaşygyndaky borçlaryny berjaý etmäge ündemeli diýdi.

Ukrainanyň, Orsýetiň, ABŞ-nyň we ÝB-niň arasynda gol çekilen şol ylalaşykda, bikanun ýaragly toparlaryň öz ýaragylaryny taşlap, eýeleýän resmi binalaryny terk etmelidigi aýdylýar.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň beýannmasynda harbylaryň we ýörite polisiýa güýçleriniň 24-nji aprelde Slawýanskynyň demirgazyk tarapynda üç sany barlag-geçiş nokadyny ýok etmeginiň netijesinde “bäş terrorçynyň” öldürilendigi habar berildi. Bu beýannamada hökümet güýçleriniň bir harbysynyň ýaralanandygy aýdylýar.

130000 adam ilatly Slawýansk şäheriniň içinde ýagdaýyň asudadygy, bronlanan harby ulaglaryň ýollarda pozisiýalary eýeländigi we dikuçarlaryň asmandan gözegçilik edýändigi aýdylýar.

Ýerli habarçylar şäheriň golaýyndaky barlag-geçiş nokatlarynyň iň bärkisi birinden harby ulaglaryň yzyna çekilendigini habar berdiler. Munuň sebäpleri barada häzirki wagtda takyk maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG