Sepleriň elýeterliligi

Bahar paslynyň gelmegi Marynyň Tagtabazar etrabynda hem, bu möwsüm her ýyl adat bolşy ýaly, ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmek kampaniýasy ýaýbaňlandy.

Emma ýüpek gurçugyny ýetişdirmek borjy ozallar ony özüne esasy kär, gazanç çeşmesi edinen daýhanlara garanyňda-da, bu ýyl has beter mekdep mugallymlarynyň gerdenine düşdi.

Ýerli mekdepleriň tas ählisiniň diýen ýaly direktorlaryna öz golastyndaky mugallymlara we mekdebiň tehniki işgärlerine bir–bir ýarym aýyň içinde 2 gram möçberinde ýüpek gurçugyny ýetişdirip, onuň pilesini tabşyrmak boýunça ýörite görkezme berlipdir.

Tagtabazaryň mekdepleriniň birinde türkmen dilinden okadýan mugallym Dursun bilim programmasyna düýbünden dahylsyz bu täze talap bilen bagly hiç hili resmi buýrugyň ýokdugyny, emma şeýle-de bolsa özlerine “gurçuk planynyň” salnandygyny Azatlyk Radiosyna kinaýa bilen gürrüň berýär: "Mekdebiň müdirleri gelip, adama iki gram ýüpek gurçugyny alyp, ýetişdirmeli bolarsyňyz diýdiler. Diňe şu derdimiz kemdi...".

Düşündiriş ýok

Mugallymlara ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmek boýunça Bilim ministrliginden resmi görkezilmäniň ýokdugy-ha beýle-de dursun, hatda bu ädimiň sebäpleri barada hem mugallymlara hiç hili düşündiriş berilmändir.

Emma il içindäki maglumatlardan çen tutulsa, ýerli daýhanlar bu ýyl ýüpek gurçuklaryny alyp, pile ýetişdirmekden ýüz öwrüpdiler. Muňa hem soňky döwürde regionda ýapraklary ýüpek gurçuklaryna berilýän tut agaçlarynyň azalandygy sebäp bolupdyr.

On ýyldan bäri gurçuk ýetişdirip gelýän daýhan Kakamyrat, eger-de gurçuk tutup, pile ýetişdirmegi boýun alsa, onda berilmeli iýmitiň ýetmezçiligi sebäpli ýeterlik normany dolup bilmän, girdeji gazanmak beýle-de dursun, gaýta bergä uçraýandygyny aýdýar: “Häzirki wagtda 1 kg. goza üçin 8 manat tölenýär. Eger tohumlyk bolsa, onuň bahasy ýene iki manat artykmaç, ýagny 10 manat tölenýär. Häzir bir gram gurçukdan üç kg töweregi goza (pile) tabşyrmaly. Çaga sereden ýaly edip, ýapragyny ýetişdirmeseň bolsa, gurçuklar öler, girdeýjiň çykdaýjy bolar”.

Mugallymyň mertebesi

Bu aralykda, Kakamyradyň gürrüň berýän ýagdaýlarynyň üstesine, pile ýetişdirmäge borçly edilen mekdep mugallymlary hem öz nägileligini bildirýärler. Türkmen dilinden sapak berýän Dursun mugallym bu soňky talaplar bilen özüniň mugallymlyk mertebesiniň kemsidilendigini aýdýar: “Biz öz işimize ýetişip bilemizok, çagalara bilim berjekmi ýa-da gutarmaýan çärelerine ýetişjek, iň gözçykgynjy hem bularyň gurçuklaryny ýetişdirjek?! Soňky wagtlar mugallymçylyga hiç hili hormat galmady”

Dursun mugallym öz nägileligini içinde saklap, täze talaplar bilen razylaşmakdan başga alajynyň ýokdugyny hem zeýrenip gürrüň berýär: “Ylalaşmasaň, kime arzyňy aýtjak, kim seni diňläp dur şu wagt? Eger berilýän talaplara boýun bolmasaň bolsa, seni çetleşdirip, kemsidýän ýerlerem bar. Işden çykarman, özüň arzaňy ýazyp gideriň ýaly edýärler”.

Hakyna tutma daýhan

Dursun mugallymyň sözlerinden çen tutulsa, olar mekdepdäki, öz hojalygyndaky ýüküň üstüne goşulan “gurçuk planyndan” “halas” bolmagyň çykalgasyny tapypdyrlar. Olar mugallymlar bolup pul goşup, özlerine derek ýüpek gurçugyny ösdürip, pile tabşyrmagy üçin ýörite daýhan tutupdyrlar. Berlen pileden alan girdejisinem daýhanyň özüne goýup, onuň üstesine-de mugallymlar özara pul goşup, daýhana jemi 400 manat goşmaça pul berip, ondan öz üstlerine ýüklenen pile planyny ýetişdirip bermegini haýyş edipdirler.

Emma öz mugallymçylyk gazanjyndan gurçuk ösdürip, özlerine derek pile tabşyrmagy üçin hakyna bir daýhan tutmaga pul çykaryp bilmeýän mugallymlaryň işiniň agralýandygyny, olaryň öz öýleriniň bir otagyny garaňkyradyp, gurçuk ýetişdirmäge mejbur bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Ýüpek gurçuklary başda aşa ownuk bolýarlar, olar soňra, tut ýapraklary bilen irginsiz iýmitlendirip, gije-gündiz aladasyny etseň, kem-kem ulalyp, barmak ýaly bolýarlar. Garaz, soňra ýüpek gurçuklary 1-1,5 aýyň içinde tut ýapragyndan doýup, üç gezek uka gidýärler.

Bu işiň iň kyn wagty hem gruçuklaryň ikinji ukydan soňky wagty bolýar diýip, gurçuk ýetişdirip, pile tabşyrýan daýhanlar gürrüň berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, şol günlerde gije-gündiz ugrunda ylgap, ýüpek gurçugy üçin tut ýapraklaryny ýetişdirmeli bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG