Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina Russiýa aýyplama bildirýär


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Ukraina baradaky hereketleri bilen Russiýany III-nji jahan urşuny başlatmaga synanyşmakda aýyplady.

Ýatsenýuk Russiýa Ukrainany “harby hem-de syýasy taýdan” eýelemäge we Ukrainanyň içinde urşy döretmäge synanyşýar diýdi. Ol munuň hem “Ýewropada harby konflikte sebäp boljakdygyny” sözüne goşdy.

Ýatsenýuk bu barada 25-nji aprelde ýurduň wagtlaýyn Ministrler Kabinetine ýüzlenip eden çykyşynda belledi. Bu çykyş telewideniýede göni efirde görkezildi.

Ýatsenýugyň bu sözleri ýurduň häzirki wagt goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirýän Mihailo Kowalyň Russiýanyň harby goşun hereketleriniň Ukrainanyň araçäginiň bir kilometr golaýyna çenli gelendigi we Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň “islendik hüjümi yzyna gaýtarmaga taýýardygy” barada eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ukrainanyň gündogaryndaky şäherlerde Russiýa tarapdary söweşijiler onlarça hökümet binasyny eýelemäge dowam edýän mahaly Ukrainanyň araçäginiň golaýynda 40 müň çemesi goşun ýerleşdireni üçin Russiýa halkara ýurtlary tarapyndan tankyt edilýär.
XS
SM
MD
LG