Sepleriň elýeterliligi

​Owganystanda silden 42 adam öldi


Owganystanyň demirgazygynda we günbatarynda agyr gelen sil sebäpli azyndan 42 adam öldi we başga-da onlarçasy ýitirim boldy.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Jowjan welaýatynyň Şybyrgan şäherinde azyndan 16 adam öldi. Bu şäheriň ilatynyň aglabasy türkmenlerden ybaratdyr.

25-nji aprelde gijäň ýary Koş Depe, Darzab we Hoja Do Koh etraplarynda bolan sil joşgunyndan soň, başga-da onlarça adam ýitirim boldy.

Jowjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdul Rahman Mahmoudi Darzab welaýatynda dokuz obanyň ýumrulandygyny habar berýär.

Şeýle-de, ol wakanyň bolan ýerindäki adamlary halas etmek üçin dikuçarlaryň ulanylýandygyny aýtdy. Mahmoudiniň sözlerine görä, bu soňky 30 ýylyň dowamynda sebitde bolan iň ýaramaz sil joşgunydyr.
XS
SM
MD
LG