Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazagystan: Jenaýaty gurnamakda bir adam höküm edildi


Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäheriniň sudy belli žurnalisti öldürmäge synanyşygy gurnamakda bir adamy türme tussaglygyna höküm etdi.

Oral şäherindäki çapyksuwar mekdebiniň müdiri Nurlan Tahambetow Lukpan Ahmedýarowy öldürmäge synanyşygy planlaşdyrmakdaky roly üçin 24-nji aprelde 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Lukpan Ahmedýarow “Uralskaýa nedelýa” atly hepdelik neşiriň habarçysydy.

Tahambetow özüniň günäsiniň ýokdugyny aýtdy.

Ahmedýarow 2012-nji ýylyň aprel aýynda pyçaklanyp, pnewmatik sapança bilen atylypdy. Ol bu hüjümden aman galypdy.

Garaşylmadyk ýagdaýda, Ahmedýarow Tahambetowyň günäsiniň sud zalynda subut edilenine ynanmaýandygyny aýtdy.

Geçen ýyl dört ýerli adam gürrüňi edilýän hüjümi amala aşyrmakda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG