Sepleriň elýeterliligi

​Karaçi: Partlamada dört adam öldi


Pakistanyň günortasyndaky Karaçi port şäherinde güýçli bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan dört adam öldi we başga-da 30 sanysy ýaralandy.

Keselhananyň resmileri ýaralananlaryň bäşisiniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny habar berýärler.

25-nji aprelde bolan partlamada hökümete degişli belgili azyndan üç ulaga zeper ýetdi. Ýöne Pakistanyň Sindh welaýaty boýunça maglumat ministri Şarjil Memo hökümet resmilerine zyýan ýetip-ýetmändigi barada henize çenli takyk maglumat ýok diýdi.

Bu partlama Karaçi şäheriniň beýleki bir sebitinde amala aşyrylan bombaly hüjümde tanymal polisiýa ofiseriniň we başga-da üç adamyň öldürilmeginden bir gün soň bolup geçdi.

Pakistanyň resmileri öldürilen polisiýa ofiseri Şafik Tanoliniň nyşana alynmagynyň sebäbini onuň terrorçylyga garşy alyp baran işjeň kampaniýasy bilen düşündirdiler.
XS
SM
MD
LG