Sepleriň elýeterliligi

​Obama D.Koreýa duýduryş berdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama haýbat atmak bilen Demirgazyk Koreýanyň “hiç zat” gazanmajakdygyny aýtdy.

Günorta Koreýada eden çykyşynda Obama Demirgazyk Koreýanyň sebite we Birleşen Ştatlaryna howp abandyrýandygyny aýdyp, Phenýana garşy has berk sanksiýalary girizmegiň wagty gelen bolmagy mümkin diýdi.

Mundan öň, Seul Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglarynyň synaglaryny geçirmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigi barada maglumatlar ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG