Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Lawrow ABŞ-ny ylalaşygy ýoýmakda aýyplaýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Mokswa garşy goşmaça talaplar girizilmek bilen Waşingtony Ukraina babatdaky halkara ylalaşygyny ýoýmakda aýyplady.

Lawrow 25-nji aprelde Moskwada eden çykyşynda “Ylalaşyga gelmek barada Ženewadaky baglaşylan şertnama laýyklykda Russiýa konfliktiň gowşatmaga doly goşant goşar” diýdi.

Şeýle-de, Lawrow Ukrainanyň gündogarynda geçiren howpsuzlyk operasiýalary üçin Kiýewiň Günbatar tarapdary hökümetiniň adalat bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy. Ol gürrüňi edilýän operasiýalary “ganly jenaýat” diýip atlandyrdy.

Lawrowyň bu çykyşy Ukrainadaky ugry üýtgetmäge Russiýa üçin “mümkinçilikler penjiresiniň” ýapylýandygy barada Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň aýdan sözleriniň yz ýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG