Sepleriň elýeterliligi

Ýatsenýuk: Orsýet Üçünji jahan urşuny isleýär


Ukrainanyň premýer-ministri Arseny Ýatsenýuk, Kiýew, 25-nji aprel, 2014.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseny Ýatsenýuk, Kiýew, 25-nji aprel, 2014.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseny Ýatsenýuk Moskwanyň Ukrainadaky agressiw hereketleri bilen Üçünji jahan urşuny tutaşdyrmak üçin mümkinçilik gözleýändigini aýtdy.

25-nji aprelde hökümet maslahatynda eden çykyşynda Ýatsenýuk Orsýetiň Ukrainany “harby we syýasy” taýdan eýelemek we “Ýewropada harby konflikte getirip biljek” urşy tutaşdyrmak maksadyna eýerýändigini nygtady.

Şeýle-de ol Moskwanyň gündogar Ukrainadaky orsýetparaz güýçlere berýän goldawynyň “halkara jenaýatydygyny” belledi we halkara jemgyýetçiligini “Orsýetiň agressiýasyna garşy bileleşmäge” çagyrdy.

Kiýew gaýtargy bermäge taýýar

Ýatsenýugyň bu çykyşy, ýurduň goranmak ministri Myhailo Kowal orsýet goşunlarynyň Ukrainanyň serhedine bir kilometrlik golaýda türgenleşik söweşlerini geçirýändigini habar berensoň, edildi.

Kowal Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň “islendik agressiýa gaýtargy bermäge” taýýardygyny aýtdy.

Günbatar döwletleri Orsýetiň Ukraina bilen aradaky sehetde 40 müňlük goşun ýerleşdirmegini ýazgardylar.

Orsýet Kiýewiň gündogar Ukrainanyň on çemesi şäherinde hökümet edaralaryny eýelän orsýetparaz pitneçilere garşy başlan “antiterror” operasiýasyna jogap hökmünde iki ýurduň serhedinde öz harby türgenleşiklerini geçirýändigini aýdýar.

Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini wagtalýynça ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynowyň kömekçisi Serhiý Paşynsky Orsýetiň goşunlarynyň serhede ýanaşýan islendik hereketine hüjüm hökmünde garaljakdygyny we hüjümçileriň ýok ediljekdigini aýtdy diýip, “Interfaks-Ukraina” agentligi habar berdi. “Biz, hamana, [haýsdyry bir hüjümiň] ynsanperwer aksiýasydygy baradaky galp deklarasiýalary kabul etmeris” diýip, Paşynsky belledi.

Orsýet ylalaşygyň ýoýulýandygyny aýdýar

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Waşingtony Moskwa babatynda goşmaça talaplary öňe sürmek arkaly halkara ylalaşygyny ýoýmakda aýyplady. Lawrow Orsýetiň “Ženewada ylalaşylan ylalaşyga esaslanyp”, konflikti gowşatmaga ýardam berýändigini aýtdy.

Gepiň gerdişi gelende ýatladyp geçsek, agzalýan ženewa ylalaşygynda Ukrainada ähli bikanun ýaragly toparlaryň dargadylmagyna we okkupirlenen binalaryň boşadylmagyna çagyrylýar.

ABŞ pikir alyşýar

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 25-nji aprelde eden çykyşynda Ýewropanyň esasy liderleri bilen Ukrainadaky krizisi we Orsýetiň garşysyna girizip boljak goşmaça potensial sanksiýalary maslahat etjekdigini aýtdy: “Men ýewropalylar bilen, olaryň ählisi bilen däl-de käbir esasy ýewropa liderleri bilen, şu gün agşam ýene-de gepleşerin we Ženewadaky ylalaşykdan soň bolan zatlar baradaky öz garaýyşlaryma olaryň pikirlerini soraryn”.

24-nji aprelde ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň öňünde Ukrainadaky ugry üýtgetmek üçin bar bolan “mümkinçilikler penjiresiniň” ýapylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG