Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede bilim alýan owganystanly türkmenleriň studentler birleşigi 27-nji aprelde Stambulda «Owganystan türkmenleri we globallaşma döwründe täze nesil» atly nobatdaky maslahat-geňeşini geçirýär.

Bu maslahatda owgan türkmenleriniň ýaş nesliniň geljegi, okuw-bilimden paý almak meseleleri barada maslahat ediljegi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň bu sanyna şol maslahata gatnaşjak owgan türkmenleri çagyryldy we olar öz öňde tutýan maksatlary barada gürrüň berdiler.

Belki, bu söhbeti diňläp, sizde hem maslahata goşulmak ýa pikir aýtmak höwesi dörär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG