Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar propagandada aýyplanýar


Orsýetiň Çeboksari şäheriniň sudy Birleşen Ştatlaryň dört raýatyny wiza düzgünlerini bozmakda günäli tapyp, ýurtdan çykarmaly etdi.

25-nji aprelde bolan sud, Orsýetiň Federal migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýerli uniwersitetde iňlis dili mugallymy bolup işleýän amerikan raýatlaryny “amerikan gymmatlyklaryny wagyz etmekde» günäli tapdy.

Şeýle-de sud ol mugallymlaryň her birine 2000 rubl jerime saldy.

Ol mugallymlaryň biri Orsýete ilkinji gezek 2001-nji ýylda, Parahatçylyk korpusynyň meýletinçisi bolup giren diýilýär.

Parahatçylyk korpusy Orsýetde 2002-nji ýylda gadagan edildi, Orsýetiň Federal howpsuzluk gullugy meýletinçileriň käbirini ýurduň regionlarynda sosial, syýasy, ykdysady maglumatlary toplamakda günäledi.
XS
SM
MD
LG