Sepleriň elýeterliligi

Obama duýduryş berýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, eger Aziýadaky ýaranlaryny goramak zerurlygy çyksa, Birleşen Ştatlaryň harby güýç ulanjagyny aýdyp, Demirgazyk Koreýanyň ýadro haýbatlaryna garşy duýduryş berdi.

Obama bu sözleri 26-njy aprelde, Birleşen Ştatlaryň Günorta Koreýada gulluk edýän harbylarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Obama Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň araçägini «azatlygyň serhedi» hökmünde häsiýetlendirdi.

Obamanyň bu beýanaty Phenýan ýadro ýaraglaryny synag etmäge taýýarlanýar diýilýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG