Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain saparatistleri gözegçilere içaly diýýär


Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçilerini zamun almak bilen, olar NATO-nyň içalylary diýdiler.

Donetsk şäherindäki separatistleriň özüni ýolbaşçy diýip yglan eden lideri Denis Puşilin «gözegçiler biziň tussaglarymyz bilen çalşylar» diýdi.

Puşilin şu hili çalşygyň ÝHHG-nyň gözegçileriniň azat bolup biljek ýeke-täk ýoludygyny aýtdy.

Puşilin Slowýanskde, howpsuzlyk gullugynyň basylyp alnan edarasynyň öňünde, ÝHHG-nyň gözegçileriniň saklanýan binasynyň agzynda çykyp gürledi.

ÝHHG-nyň gözegçileri 25-nji aprelde tussag edildi. Ýöne näçe gözegçiniň tutulyp saklanýandygy anyk däl.

Başda olar bir toparda syýahat edýän 13 adamdan, şol sanda germaniýalylardan we 5 ukrain esgerinden ybaratdy.

Şeýle-de olaryň arasynda Daniýadan, Polşadan, Şwesiýadan we Çeh respublikasyndan harby synçylar bardy.
XS
SM
MD
LG