Sepleriň elýeterliligi

"G7" Orsýete garşy sanksiýalary tijeýär


Dünýäniň senagat taýdan ösen 7 ýurdundan durýan topar, eger Moskwa Ženewa ylalaşygyny goldamak üçin anyk çäreleri görmese, oňa garşy goşmaça sanksiýalary girizmek üçin herekete geçmek ylalaşygyna geldi.

Ženewa ylalaşygynda Ukrainadaky krizisi gowşatmak kararyna gelnipdi. 26-njy aprelde çap edilen beýanatda, indiki aý Ukrainada üstünlikli, parahat we demokratik prezident saýlawlaryny geçirmek zerurlygy sebäpli, bu toparyň goşmaça täze sanksiýalary çaltlandyrmak ugrunda gyssagly herekete geçmäge taýýardygy aýdylýar.

Metbugatda, ady aýdylmaýan bir amerikan resmisine salgylanyp, ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň 28-nji aprelden gijikmän, rus resmilerine garşy anyk täze sanksiýalary girizjekdigi habar berilýär.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel indiki hepde amerikan prezidenti Barak Obama bilen duşuşmak we Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerine bilelikde jogap bermegi maslahatlaşmak üçin Waşingtona sapar eder.
XS
SM
MD
LG