Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkmenistanly modeller...


Aşgabatdaky bolan moda sergileriň birinde erkek modeller sport egin-eşikleriň sergisini görkezýärler.
Aşgabatdaky bolan moda sergileriň birinde erkek modeller sport egin-eşikleriň sergisini görkezýärler.
Ýakynda Aziýanyň 10-dan gowrak ýurdundan gözelleriň gatnaşmagynda dürli wagtlarda Russiýanyň paýtagty Moskwada “Miss Asia Moscow” we Ukainanyň Harkow şäherinde “Miss Kharkiv International” atly gözellik bäsleşiklerinde öňe saýlanan türkmen ýaşlaryna hem duş gelinýär.

Edil şeýle formatda bolmasa-da, Türkmenistanda hem "Talyp gözeli", iň görmegeý ýigidi saýlamak boýunça ýaryşlar gurnalýar. Emma şeýle ýaryşlarda üstünlik alan ýaşlar soňy bilen o diýen göze ilmeýärler.

Eýsem, olaryň ýurduň içinde öz ugry boýunça işlemäge mümkinçiligi ýokmy? Ýa-da ýurtda modellere talap azmy? Siziň pikiriňizçe munuň nähili sebäpleri bolup biler?

Nobatdaky Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Öz garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Munuň üçin biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG