Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbas Holokost zerarly gynanç bildirdi


Palestin lideri Mahmud Abbas Holokost mahalynda ýewreý halkyna garşy edilen zat häzirki zaman taryhynda adamzada garşy edilen iň agyr jenaýat diýdi.

Abbas 27-nji aprelde iňlis dilinde eden beýanatynda nasistler zamanynda gyrlan 6 million çemesi ýewreý pidalarynyň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Bu beýanat Ysraýylyň Holokost ýatlama gününe başlamazyndan birnäçe sagat öň çap edildi.

Şeýle-de beýanatda Abbas ysraýyl liderlerini häzirki mümkinçiliklerden peýdalanyp, Ysraýyl bilen Palestinanyň bir-biriniň gapdalynda parahat we howpsuz ýaşamagyna esaslanýan iki döwlet syýasatyny goldap, regionda adalatly we hemmetaraplaýyn parahatçylygy ýola goýmaga çagyrdy.

Abbasyň beýanaty Ysraýylyň parahatçylyk gepleşiklerini togtadan wagtynyň yzýanyna gabat gelýär.

Ysraýyl bu gepleşikleri Abbas yslamçy Hamaz hereketi bilen bitewi hökümet gurmak ylalaşygyna gelenden soň togtatdy.
XS
SM
MD
LG