Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: ýangynda 8 adam öldi


Orsýetiň Altaý ülkesindäki neşe goýdurylýan merkezde bolan ýangynda azyndan 8 adamyň ölendigi aýdylýar.

27-nji aprelde neşe goýdurylýan merkezde bolan ýangyn boýunça jenaýat derňewiniň açylandygy habar berildi.

Etrap adminstrasiýasynyň başlygy Konstantin Tatarnikow neşe goýdurylýan merkeziň binasynyň hususy eýeçilikdäki jaý bolandygyny, şu sebäpden ýerli häkimiýetleriň ol binanyň gurluşygy üçin jogapkär bolup bilmejegini aýtdy.

Ölenlerden başga, ýangynda azyndan alty adamyň ýaralanyp, hassahana alnyp gidilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG