Sepleriň elýeterliligi

Kandahar: 5 britan öldi


Britaniýanyň Goranmak ministrligi Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň Kandaharyň golaýynda bolan dikuçar hadysasynda wepat bolan 5 esgeriň britaniýaly bolandygyny aýtdy.

Dikuçar komandasynyň komandiri Riçard Felton 26-njy aprelde bolan dikuçar hadysasyny «betbagtçylykly hadysa» diýip atlandyrdy.

Kandaharyň welaýat polisiýasynyň sözçüsi Zia Durrani dikuçaryň Tahta Pul etrabynda, Pakistanyň serhedinden 50 km çemesi uzaklykda ýykylandygyny aýtdy.

«Talybanyň» sözçüsi 26-njy aprelde žurnalistlere iberen messajynda dikuçary pitneçileriň urup ýykandygyny aýtdy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri bu hadysany derňeýändigini, emma bu töwerekde duşman hereketleriniň bardygy hakynda maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG