Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Malaýziýada metjide bardy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Aziýa edýän bir hepdelik saparynyň çäginde Malaýziýada bir aram yslam metjidine bardy.

Obama 27-nji aprelde, premýer-ministr Najib Razak bilen howpsuzlyk, aňtaw maglumatlaryny alyp-bermek, regional we söwda meseleleri barada gepleşik geçirmezinden öň Kuala Lampurdaky metjide bardy.

Biraz soň ol günorta-gündogar Aziýanyň ýaş liderleri bilen duşuşyk geçirdi. Obama Malaýziýa 26-njy aprelde geldi we Malaýziýanyň patyşa maşgalasy tarapyndan kabul edildi.

Ol dört onýyllykdan hem köpräk wagt içinde Malaýziýa ilki sapar eden amerikan prezidenti boldy.

Obama öz saparyny Ýaponiýadan başlap, Malaýziýa Günorta Koreýadan geldi. Ol 28-nji aprelde Fillipine gider.
XS
SM
MD
LG