Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Slowýansk: häkim gözegçiler uruş ýesiri diýýär


Gündogar Ukrainanyň Slowýansk şäheriniň öz-özüni bellän häkimi ÝHHG gözegçileriniň halkara toparynyň agzalaryny «uruş ýesirleri» hökmünde saklaýandyklaryny aýdýar.

Wýaçeslaw Ponomarew 27-nji aprelde žurnalistleriň kiçiräk toparyna «Biziň şäherimizde, uruş ýagdaýy dowam edýän wagtynda, bizden rugsatsyz gelen islendik harby işgär uruş ýesiri diýlip hasaplanýar» diýdi.

ÝHHG-nyň gözegçileri, 4 germaniýaly, 1 şwesiýaly, 1 daniýaly, 1 çehiýaly 25-nji aprelde tutuldy we Ponomarew birnäçe gezek olaryň Kiýewdäki häkimiýetler tarapyndan saklanýan orsýetçi jeňçiler bilen çalşylmakçydygyny aýtdy.

ÝHHG-nyň gepleşikçiler topary 27-nji aprelde giçlik Slowýanskde Ponomarew bilen duşuşmaly.

Şeýle-de Ponomarew öz güýçleriniň öten agşam geçirilen operasiýa mahalynda ýene üç adamy ýesir alandygyny aýtdy we olary Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG