Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan At baýramyny belleýär


26-njy aprelde Türkmenistanyň Ahal-teke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli dabara boldy.

Bu dabara ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy we oňa welaýatlaryň ählisiniň, şeýle-de Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň adyndan, harby we kanun goraýjy organlar tarapyndan ýedi at sowgat berildi.

Halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda bolan at çapyşygynda prezident Berdimuhamedowyň çapan 7 belgili Garahan atynyň pellehana birinji bolup gelendigi aýdylýar.

Türkmen Bedewiniň hormatyna geçirilýän baýramçylyga gabat Türkmenistana Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň, Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň gelendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG