Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Slowýansk: ‘Häkim’ gözegçilere “uruş ýesirleri” diýýär


EHHG-nyň harby derňew topary tussag astynda, Slowýansk, 27-nji aprel, 2014.

EHHG-nyň harby derňew topary tussag astynda, Slowýansk, 27-nji aprel, 2014.

Gündogar Ukrainanyň Slowýansk şäheriniň öz-özüni bellän häkimi ÝHHG gözegçileriniň halkara toparynyň agzalaryny «uruş ýesirleri» hökmünde saklaýandyklaryny aýtdy.

Wýaçeslaw Ponomarew 27-nji aprelde žurnalistleriň kiçiräk toparyna «Biziň şäherimizde, uruş ýagdaýy dowam edýän wagtynda, bizden rugsatsyz gelen islendik harby işgär uruş ýesiri diýlip hasaplanýar» diýdi.

ÝHHG-nyň gözegçileri, 4 germaniýaly, 1 şwesiýaly, 1 daniýaly, 1 çehiýaly 25-nji aprelde tutuldy we Ponomarew birnäçe gezek olaryň Kiýewdäki häkimiýetler tarapyndan saklanýan orsýetçi jeňçiler bilen çalşylmakçydygyny aýtdy.

ÝHHG-nyň gözegçiler topary gündogar Ukraina aprel aýynyň başynda Ženewada sebitdäki dartgynlyklary ýeňletmek maksady bilen gol çekilen şertnamanyň amal edilişini barlamaga barypdylar.

Ponomarew metbugat konferensiýasy mahalynda ÝHHG-nyň gözegçilerini birnäçe gezek «uruş ýesirleri» diýip atlandyrmak bilen bir hatarda, bir gezek olary «zamunlar» däl-de, eýsem «myhmanlar» hökmünde hem häsiýetlendirdi.

Ponomarew mundan öň ÝHHG-nyň gözegçiler toparyny «NATO-nyň içalylary» hökmünde hem häsiýetlendiripdi.

Orsýetiň ÝHHG-däki ilçisi Andreý Kelin 26-njy aprelde Moskwanyň gözegçileri azat etmek üçin mümkin bolan ähli zady etjegini aýtdy.

ÝHHG-nyň gepleşikçiler topary 27-nji aprelde giçlik Slowýanskde Ponamarew bilen duşuşmaly.

Şeýle-de Ponomarew öz güýçleriniň öten agşam geçirilen operasiýa mahalynda ýene üç adamy ýesir alandygyny aýtdy we olary Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) ofiserleri hökmünde häsiýetlendirdi.

Ponomarew şol tutulan üç ofiseriň hem uruş ýesirleri hasaplanjagyny aýtdy.

Orsýetiň «Rossiya 24» telekanaly şol diýilýän üç adamy oturgyçlaryna daňylgy, gözli bagly ýagdaýda görkezdi we olaryň urlup-enjilendigini aňmak bolýar.

Şeýle-de telekanal ol adamlaryň Döwlet howpsuzlyk gullugyna dahyllydygyny görkezýän şahadatnamalaryny görkezdi.

Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy özüniň üç ofiseriniň ýesir alnandygyny tassyk etdi.

DHG ol üç ofiseriň bu töwerege ýerli syýasatçy, Günbatara tarapdar Batkiwçina partiýasynyň agzasy Wolodimir Rybagyň öldürilişini derňemek üçin barandygyny aýtdy.

Rybak şu aýyň başynda alnyp gaçylyp, bir hepde soň onuň jesedi Slowýanskä golaýda ýerleşýän kölüň içinden tapylypdy. Ol birnäçe gezek pyçaklanyp, gark bolar ýaly, suwa zyňlypdyr.

Birleşen Ştatlaryň Malaýziýada saparda ýören prezidenti Barak Obama Orsýeti tankytlap, bu ýurduň liderleriniň Ukrainadaky dartgynlyklary gowşatmak üçin "barmaklaryny hem gymyldatmandyklaryny" aýtdy.

Ýogsa şu aýyň başynda Ženewada Orsýetiň, Ukrainanyň Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomatlarynyň arasynda bolan duşuşykda bu barada ýörite bir ylalaşyga hem gelnipdi.

Obama 27-nji aprelde Orsýete garşy sanksiýalaryň basym yglan ediljekdigini aýtdy we Orsýet gündogar Ukrainadaky orsýetçi güýçleri jylawlamak üçin çäre görmese, bu ýerde netijeleriň boljakdygyny we ol netijeleriň barha ulalmasynyň dowam etjekdigini gaýtalady.

Obama Birleşen Ştatlaryň Orsýete garşy giriziljek täze sanksiýalar barada Amerikanyň Ýewropa Bileşigindäki partnerlary bilen utgaşykly hereket edýändigini aýtdy.

Öňdebaryjy senagat döwletleriniň Ýediler topary (G7) 26-njy aprelde, eger Moskwa Ženewada baglaşylan ylalaşygy goldaýan anyk çäreleri görmese, Orsýete garşy goşmaça sanksiýalary girizmek ugrunda hereket etmek ylalaşygyna geldi.

Birleşen Ştatlar we ÝB Kremli gündogar Ukrainadaky orsýetçi güýçlere kömek bermekde hem-de Ukraina bilen serhede 40 müň çemesi goşun toplap, Kiýewdäki täze hökümete goşmaça basyş etmekde aýyplaýar.

Moskwa özüniň gündogar Ukrainadaky wakalara dahylldygyny inkär etmegini dowam etdirýär we Ukrainanyň serhedindäki goşunlaryň giňeldilen harby türgenleşikler bilen baglydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG