Sepleriň elýeterliligi

​“Russiýanyň Rembolary” höküm edildi


Russiýanyň gündogaryndaky Wladiwostok şäheriniň sudy “rus Rembolary” lakamly alty adamy türme tussaglygyna höküm etdi. Olar üç polisiýa ofiserini öldürmekde, şeýle-de adamy öldürmäge synanyşmakda, talaňçylykda, ogurlykda we bikanun ýarag saklamakda aýyplanýardylar.

Bu toparyň üç agzasy, ýagny Aleksandr Kowtun, Alekseý Nikitin we Wladimir Ilýutikowa 28-nji aprelde ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Başgaça “Primorýe Partizan” diýlip tanalýan bu topar Russiýada hukuk goraýjy organlaryň gatnaşmagynda soňky ýyllarda geçirilen iň uly operasiýalaryň birinde 2010-njy ýylda tutulypdy.

Bu topar polisiýa ofiserlerine edilen hüjümi Russiýanyň hukuk goraýjy organlaryndaky “korrupsiýa we bikanunçylyga” garşy protest alamaty hökmünde düşündirdi.

Gürrüňi edilýän toparyň iki agzasy polisiýa tarapyndan üç gün dowam eden gabawlar mahaly öz janyna kast etdi.
XS
SM
MD
LG