Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Dört okuwçy öldürildi


Pakistanyň resmileri ýurtda aýry-aýrylykdaky bolan bomba hüjümlerinde dört oglanyň we üç esgeriň ölendigini habar berýärler.

Polisiýa ýurduň gündogaryndaky Karaçi şäheriniň dini mekdebiniň okuwçysy bolan dört oglanyň 10 we 15 ýaş aralygyndaky çagalardygyny mälim etdi. Gürrüňi edilýän hüjümde başga-da ondan gowrak okuwçy ýaralandy.

Şeýle-de, ýurduň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, başga bir wakada armiýanyň harby kerweniniň ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň üstünden barmagy netijesinde üç esger öldi. Bu partlama Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän tire-taýpalar sebitinde boldy. Bu sebit “Al-Kaýda” ilteşikli yslamçy söweşijileriň köpçülikleýin ornaşan ýeri hasaplanylýar.

Henize çenli bu iki hüjümiň jogapkärçiligini hem hiç bir topar öz üstüne almady. Ýöne mundan öň ýurtda harby kerwenlere amala aşyrylan hüjümleriň arkasynda “Talyban” hereketi bardy.
XS
SM
MD
LG