Sepleriň elýeterliligi

​Slowakiýa, Ukraina ylalaşyga gol goýdy


Slowakiýa we Ukraina Ýewropa Bileleşigine çäkli mukdardaky tebigy gazy Kiýewe geçirmäge rugsat berýän ylalaşyga 28-nji aprelde gol goýdular.

Ukraina Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasyndan başga alternatiw gazgeçirijilerileri gorap saklamaga synanyşýar. Geçen aý Russiýa Krymy anneksiýa edensoň, “Gazprom” kompaniýasy Ukraina satýan gazynyň nyrhyny ýokarlandyrypdy.

Gürrüňi edilýän ylalaşyga laýyklykda Slowakiýa 8 milliard kubmetr tebigy gazy Ukraina akdyrmak üçin häzirki wagtda ulanmaýan gazgeçirijisine tehniki düzedişler girizer. Gürrüňi edilýän mukdardaky tebigy gaz Ukraina güýz aýlarynda akdyrylyp başlanar.
XS
SM
MD
LG