Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Döwlet guşy” barha pajarlaýar


Turkmenistan -- A cover page of Turkmen president's new book "A Bird of Happiness", October 22, 2013.
Turkmenistan -- A cover page of Turkmen president's new book "A Bird of Happiness", October 22, 2013.
Geçen hepdäniň dowamynda türkmenistanlylara prezident G.Berdimuhamedowyň adyndan çykan “Döwlet guşy” romanyndaky goşgulara döredilen aýdymlary diňlemäge “giň mümkinçilik” döredi. Her gün bu kitapdaky goşga döredilen bir aýdym türkmen telewideniýesiniň ähli telekanallarynda ýaň berdi. Bular sebäpli Türkmen telewideniýesiniň efir wagty hem üýtgedilip, “Siziň üçin körpeler” programmasy dagy 5-6 minut gysgaldylyp berildi.

Jemal Saparowanyň ýerine ýetirmeginde aýtdyrylan bu aýdymlar “Watan” informasion programmanyň öň ýanyndan görkezildi. “Döwlet guşy” romanyndaky bu watançylyk tematikasyndaky aýdymlaryň goşgularynyň awtorynyň prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowdygy aýdylýar.

Käbir ildeşlerimiz öňden ýok bu praktikanyň birden ornaşdyrylmagyny hepdäniň ahyrynda geçirilen Bedew baýramy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýagny, prezidentiň ýazdy diýilýän kitabyndaky goşgulara düzülen aýdymlary efire berip, muny prezidente edilen özboluşly “gutlag” diýip häsiýetlendirýän türkmenistanlylar hem bar.

“Türkmen ýolbaşçylary prezidenti bedew baýramçylygy bilen gutlamak üçin şeýle eden bolsalar gerek. Öňem bir baýramçylygyň öňüsyrasynda Gözel Şagulyýewa, şeýdip, bir gezek goşgy okadypdylar” diýip, paýtagtly pensioner Aşyr aga aýdýar.

"Täze tapgyr"

Bedew baýramçylygyna edilen “gutlag” bilen bir hatarda prezident ýazdy diýilýän kitabyň goşgularynyň esasynda döredilen aýdymlaryň aýdylyp başlanmagyna ýurtda döredilýän şahsyýet kultunyň täze bir etabynyň başlangyjy hökmünde düşünýänler-de bar.

Prezidentiň “Döwlet guşy” we beýleki kitaplarynyň orta mekdep okuw programmasyna girizilmegi hem munuň şeýledigini belli bir derejede subut edýär. “Döwlet guşy” romany boýunça orta mekdepleriň edebiýat sapaklarynda ders geçilýär.

Şeýle-de şol kitabyň haýsy-da bolsa bir bölümi her gezekde mekdeplerde geçirilýän “açyk sapaklaryň” hem esasy temasy bolýar. Mekdeplerde entek okuwçylaryň köpüsinde bu kitap bolmansoň, olar kitapdaky goşgulary klasda göçürip, soňra ýat tutýarlar.

Ýokary okuw jaýlarynda hem bu kitap boýunça ýörite çäreler geçirilýär. Şol ýygnaklarda bu kitabyň “terbiýeçilik ähmiýeti” barada gürrüň edilýär. Mundan başga-da, ýokary okuw jaýlarynda we edara-kärhanalarda geçirilýän islendik köpçülikleýin çärelerde çykyş edýänleriň dokladlarynda hem bu kitapdan jümleler getirilip, ol barada öwgüli sözler aýdylýar.

Edara-kärhanalarda bu kitabyň ençeme tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Kärhanalarda geçirilýän bu ýygnaklara işgärleriň mejbury barmaly bolýandyklary aýdylýar. “Bu kitap bilen o diýen gyzyklanyp barýanam ýok welin, birnäçe gezek biziň edaramyzyň ýolbaşçylary işgärleri ýygnap, ýygnak geçirdi” diýip, paýtagtyň döwlet edarasynyň işgäri Aman gürrüň berýär.

Paralleller

“Döwlet guşy” romany baradaky öwgüli we mahabatlandyryjy makalalara we seslenmelere resmi metbugatda hem häli-şindi duş gelmek mümkin. Bu makalalarda, esasan, bu kitabyň türkmen halkyna prezidentiň peşgeş berendigi, onuň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy nygtalýar.

Şol makalalarda kitapda çagalyk ýyllarynyň bir ýarym ýyly beýan edilýän, prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň ömür ýolunyň her bir türkmenistanla görelde bolmalydygy aýdylýar. Käbir awtorlar bolsa prezidentiň atasynyň ykbaly barada hem şolar ýaly manydaky pikirleri aýdýarlar.

Bu soňky özgerişlikleriň fonunda käbir synçylar ozalky prezident S.Nyýazowyň galamyndan çykdy diýilýän “Ruhnamanyň” kulty bilen hem paralleller geçirýärler. Ýatladyp geçsek, şol kitap hem ozallar, edil häzirki “Döwlet guşy” kitaby ýaly mahabatlandyrylyp, adamlaryň aňyna köpçülikleýin ornaşdyrylýardy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly romany geçen ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan çapdan çykaryldy. Şol ýylyň 21-nji oktýabrynda bolsa Daşoguz welaýatynda geçen ýaşulular maslahatynyň öňüsyrasynda onuň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Bu kitabyň häzirlikçe 12 müň sanysy neşir edildi.
XS
SM
MD
LG