Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew integrasiýa barada çykyş etdi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew post-Sowet ýurtlarynyň integrasiýa hereketleri “Sowet Soýuzynyň dikeldilmegini aňlatmaýar” diýdi.

28-nji aprelde Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň talyplaryna ýüzlenip eden çykyşynda Nazarbaýew Ýewraziýadaky integrasiýa prosesindäki roly üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini taryplady.

Şeýle-de Nazarbaýew rus-gazak gatnaşyklaryny “goňşy ýurtlaryň arasyndaky görelde hyzmatdaşlykdygyny” belledi. Ol: “Hiç kim goňşusyny saýlap almaýar. Olar Hudaý tarapyndan berilýär we şonuň üçin goňşylar parahatçylykly ýaşamalydyrlar” diýdi.

29-njy aprelde Nazarbaýew, Putin we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşeko Minskde duşuşarlar. Olar bu duşuşykda Ýewraziýa ykdysady bileleşigini döretmek barada maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG