Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​ABŞ: Sanksiýalar yglan edildi


Birleşen Ştatlar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn geňeşdary Igor Seçine we başga-da alty ýokary derejeli resmä hem-de 17 rus kompaniýasyna garşy sanksiýalary girizdi. Waşington muny Moskwanyň ýakynda Ukrainada bolan ýowuzlyklardaky “gürrüňsiz” roluna gaýtawul diýip atlandyrdy.

Seçin Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rosneft” kompaniýasynyň başlygy bolup, ol Putinden soň ýurduň iň kuwwatly şahsyýetleriniň biri hasaplanylýar.

28-nji aprelde Ak tam tarapyndan yglan edilen bu sanksiýalar Russiýanyň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegine gaýtawul hökmünde girizilen sanksiýalaryň üçünji tapgyrydyr.

28-nji aprelde sanksiýa girizilen resmileriň arasynda Russiýanyň ýokary derejeli kanun çykaryjysy Alekseý Puşkow hem bar.
XS
SM
MD
LG